Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň  Päkistan Yslam Respublikasynyň  Daşary işler ministri bilen duşuşygy

27.08.2021 10:45

2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda Milletler Köşgünde Parahatçylygy we Milli Jebisligi Esaslandyryjy – Milletiň Lideri, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Hormatly Emomali Rahmon Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mahdum Şah Mahmud Kureýşini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meseleleriniň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda Päkistan Yslam Respublikasynyň Premýer-Ministri Imran Hanyň Täjigistana resmi sapary babatyndaky taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda derwaýys halkara we sebit meselelerine, esasanam, Owganystandaky şu günki ýagdaýa aýratyn üns berildi.
Taraplaryň bellemegine görä, häzirki wagtda sebit howpsuzlygyna abanan esasy howplaryň biri – Owganystanda bolup geçýän häzirki wakalar.
Koalisiýa güýçleriniň Owganystandan çykarylmagyndan soň häzirki wagtda ýurt gumanitar betbagtçylygyň ujunda dur.
Soňky günlerde bu ýurtda ýüze çykan çylşyrymly we howply ýagdaý diňe owgan halky üçin däl-de, eýsem iň ýiti sebit we global meseleleriň biri bolup durýar.
Kabul şäherinde “Talyban” hereketiniň häkimiýete gelmegi bilen sebitdäki geosyýasy prosesiň has hem çylşyrymlaşdyrylandygyny bellemek zerurdyr.
“Talybanyň” ýurtdaky beýleki syýasy güýçleriň giňden gatnaşmagy bilen wagtlaýyn geçiriji hökümeti gurmak baradaky öňki wadalaryndan ýüz öwürýändigini we Yslam Emirligini döretmäge taýýardygyny faktlar görkezýär.
Owgan halkynyň, şol sanda täjikleriň, özbekleriň we beýleki milli azlyklaryň ähli görnüşli bikanunçylyga, öldürilmegine, talaňçylyga we yzarlamalara sezewar edilmegini Täjigistan döwleti berk ýazgarýar.
Köp horluklary başdan geçiren Owganystanyň we onuň dostlukly we dogan halkynyň ganly uruşlaryň girdabyna ýene çekilmeli däldigi duşuşykda nygtalyp bellenildi.
Täjigistan ýakyn goňşy hökmünde Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň dikeldilmegini elmydama goldaýar we şu pozisiýasyna ygrarly bolup galýar.
Täjik tarapy goňşy ýurduň syýasy howpsuzlyk meselelerini gaýragoýulmasyz şekilde çözülmegi üçin ähli milli azlyklaryň, şol sanda ýurduň ilatynyň 46 %-den gowragyny öz içine alýan Owganystanyň täjikleriniň gatnaşmagy bilen inklýuziw hökümeti döretmegiň zerurdygyny belledi. 
Bu goňşy ýurtdaky döwlet gurluşy ýurduň ähli raýatlary tarapyndan erkin beýan etmek we olaryň ýagdaýyny göz öňünde tutmak ýoly bilen kesgitlenmelidır.
Ähli owgan halkynyň, esasanam, ähli milli azlyklaryň pozisiýasyny hasaba almazdan, zulum we yzarlamalar arkaly bu ýurtda döredilen başga hökümeti Täjigistan ykrar etmez.
Täjikleriň Owganystanyň geljekki hökümetinde mynasyp ornuny almalydygy nygtaldy.
Täjigistan halkara jemgyýetçiligini Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin gyssagly çäreleri kabul etmegi hem-de gepleşikler arkaly howpsuzlyk babatynda çylşyrymly syýasy ýagdaýy we wakalary gysga wagtda durnuklaşdyrmagy çagyrýar.
Halkara jemgyýetçiliginiň Owganystandaky häzirki ýagdaýa biperwaýlygy bu ýurtda uzaga çekjek raýat urşuna sebäp bolup biler.
Täjigistanyň goňşy Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň çalt dikeldilmegine ygrarlydygy we bu prosesi ilerletmekde Birleşen Milletler Guramasyna möhüm orun degişlidigi nygtaldy.
Parahatçylykly gurluşy we milli jebisligi babatynda Täjigistanyň tejribesine esaslanyp, Milletiň lideri, Hormatly Emomali Rahmon goňşy ýurtda parahatçylygy, durnuklylygy we mundan beýläk-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýollary baradaky öz teklipleri bilen Päkistanyň tarapyny tanyşdyrdy.

Нигористон

Тақвим

  • business-portal_thumb.jpg